Tehniki ýod

Tehniki ýod

Ýod özüniň ýod-krahmal reaksiýasy astynda mawy renki bilen we dürli deňiz ösümliklerini iýmitlendirýän jisim hökmünde tanalýar. Ýod element bolup durýanlygy sebäpli, ony tebigy baýlyklardan çykaryp almakdan başga ne himiki sintez arkaly ne-de başga ýol bilen öndürmek mümkinçiligi bardyr we şeýlelikde, ýod gymmatly bir madda diýip bileris

“Türkmenhimiýa” Döwlet Konserni (“Türkmenhimiýa” DK) ýyl-ýyldan özüniň ýokary hilli harytlaryny öndürip, daşary ýurda eksport edilýän kuwwatlylygyny artdyrýar we bu önümlere (harytlara) bütin dünýäde uly talap bardyr. Bu harytlara bolan talap bolsa Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň ýokary hiliniň alamaty bolup durýar.

Şu wagt, “Türkmenhimiýa” Döwlet Konserni içerki we daşary ýurt alyjylaryň uly we ynamdar üpjün edijisidir. Ýodyň başga mineral dökünleri bilen bir sanda çykarylmasy ýurdumyzyň iň wajyp himiýa pudagynyň biridir. Türkmenistanda, himiki serişdeleriň satyşy Türkmenistanyň Döwlet Haryt - Çig Mal Biržasy arkaly berjaý edilýär.

“A” kysymy Tehniki Ýod

Daşky görnüşi: kristal görnüşinde, çal-gara reňkli, metallik öwüsýän, 30 mm ýakyn ululykda.

Ullanylyşy: ol sintetik kauçuk önüminde, himiki reagentleriň, derman serişdeleriniň, gyt metallaryň we boýaglaryň önümçiliginde, kinofilm senagatynda we aýratyn himikatlarda ullanylýar.

Türkmenistanda “A” kysymy Tehniki Ýod

Şu wagt, ýodyň önümçiligi Türkmenistanyň Balkan welaýatynda ýerleşýän Hazar, Balkanabat we Bereket himiki zawodlarynda amala aşyrylýar. Bu zawodlara çig-mal hökmünde Nebitdag-Monjukly, Boýadag, Çeleken depozitleri we Seýitkerderidäki ýüze çykmalary ullanýar.
Türkmenistan, esasan hem Balkan welaýaty ýoda depozitlaryna baýdyr. Hazar Himiki zawod, Türkmenistanyň himiki senagat pudagyndaky iň köne kärhanalaryň biridir we ol ýerli çig-mallar, ýer asty nebit we gaz çykarylan wagty ýodyň düzüminden tebigy we şärik suwlaryny çykarmak arkaly emele gelýär. Bu gün, Hazar zawody özüniň önümçilik kuwwatyny artdyrdy. Täaze zawodyň ýyllyk 300-350 tonna granullanan tehniki ýody çykarmak ukyplylygy bar.

Fiziki we himiki görkezijileri
# Görkezijiniň ady A kysym
1 Ýodyň mukdary, % az däl 99.00
2 Hloridiň we bromidiň mukdary, %, az däl 0.01
3 Organiki maddalaryň mukdary, %, köp däl 0.08
4 Bişirilmede galýan galyndy, %, köp däl 0.05
5 Ýodyň mukdary, % az däl 0.8