Biz barada

Daşary ýurt öndürijileriniň azyk önümleriniň Türkmenistanyň çäginde satylmagyny guramaga kömek edýäris

"Abraýly kesp", Hususy kärhanasy, nebit we himiýa önümlerini Türkmenistandan daşary ýurt ýakyn çäklerine we Ýewropa ýurtlaryna daşamakda we olaryň halkara söwdasy ugurlarynda ýaş spesiýalistler tarapyndan gurulan kompaniýadyr. Kompaniýanyň entäk ýaş bolmagyna garamazdan, biz bu ugurlarda giň we uzyn-möhletli tejribeli spesiýalistlary bilen öwünip bileris. Şu sebäpli biz şeýle hem Size giňişleýin konsaltiň (maslahat beriş) hyzmatyny hem hödürläp bileris.

Biziň maksadymyz daşary ýurt müşderiler / inwestorlar bilen özara baglanyşyk gurup Türkmenistanyň eksporta baý bazaryna höwes döretmekdir. Kompaniýanyň esasy ugry Türkmenistanda öndürilen önümleri satyn almaklykda maslahat bermek we assistentlik etmek (daşary ýurt kompaniýalaryny Türkmenistanyň Döwlet Haryt - Çig Mal Biržasynda /TDHÇMB-da registrasiýa etmeklikde, müşderileriň gerekli resminamalaryny resmileşdirmeklikde, müşderileriň adyndan bäsleşiklerde / tenderlerde çykyş etmek, müşderileriň adyndan harytlary sargamak, gümrük resminamalaryny resmileşdirmekde) we müşderiniň kesgitlän salgysyna çenli transport / daşaýyş hyzmatyny berjaý etmek. Şeýlelik bilen, kompaniýamyzyň ugurlaryny üç bölege, ýagny halkara söwda, logistika we konsaltiň hyzmatlaryna bölüp bileris.

Türkmenistan strategik taýdan, özüniň baý gaz ojaklary saýasynda nebit we himiýa önümleriniň söwdasy üçin wajyp ýurtdyr. Türkmenistan orta Aziýada karbamid, kükürt, ammiýak we kaliý ýaly mineral dökünleriniň önümçiliginde we eksportynda öňdebaryjy ýurtlaryň biridir.

Türkmenistanda öndürilýän we eksporta taýýar önümleriniň doly sanawyny Türkmenistanyň Döwlet Haryt - Çig Mal Biržasynyň (TDHÇMB) resmi sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

about

Biziň
Hyzmatdaşlarymyz

Etsy
UPS
IMDb
Netfliks