Dizel ýangyjy

Dizel ýangyjy

Dizel ýangyjy –ýöriteleşdirilen dizel ýangyç hereketlendirijilerinde ullanylýan himiki harytdyr. Bu ýangyç görnüşi kerosin-ýag-gazly fraksiýalardan nebitiň arassalanma usuly netijesinde emele gelýär. Dizel ýangyjy şepbik (goýy) we kyn bugarýan suwuklykdyr we düzüminiň köp bölegi uleroddan ybaratdyr. Onuň düzüminde şeýle-de wodorod, kislorod, kükürt we azot ýaly elementleri tapmak mümkindir.
Adamlar öz aralarynda dizel ýangyjyny şeýle-hem solýarka diýip atlandyrýalar. Solýarka sözi Nemis dilindäki Solarol (günebakar ýag) sözünden gelip çykýar, sebäbi gadymy zamanda ähli nebiti arassalama usuly netijesinde emele gelen sarymtyl fraksiýalary şeýle atlandyrýalar ekeni.
Dizel ýangyjynyň örän kop ullanylýan ýerlerleri bolup, esasan ulaglarda, dizel elektrostansiýalarda, oba-hojalyk we harby tehnikalarda ullanylýar. Şeýle hem dizel ýangyjy (solýarka) jaý gyzdyryjylarda (kotelnýalarda) ýangyç hökmünde hem ullanylýar.

Türkmenistanda dizel ýangyjy

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (gysgaça “TNGIZT”), Türkmenistanyň Türkmenistanyň nebitgaz ministrliginiň ýolbaşçylyk etmeginde bolup, Türkmenistanyň iň uly nebiti gaýtadan işleýän kärhanalarynyň biridir. Onuň gurluşygy 1942-nji ýylda başlanyp, ýyl-ýyldan döwrebaplaşdyrylan we täze döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir.

2011-nji ýylda bolsa düýpli abatlaýyş işleri geçirilip, tehnologiýa taýdan wajyp işler geçirilendir. Şu günümizde, zawod benzin, suwuklaşdyrylan gaz, awiýasiýa üçin niýetlenen we tehniki kerosin, reýaktiw we dizel ýangyçlaryny, dürli tehniki we gyzdyrylýan ýaglar, tehniki kükürdi we sintetik ýuwujy serişdeleri ýaly harytlary öndürýär.

Zawodyň çykarýan harytlary Dünýä belli standartlaryna laýyk bolup, diňe Türkmenistatnyň içinde däl, eýsem-de daşary ýurtlarda hem isleg-talap döredýär. Önümleriň köp bölegi daşary ýurtlara, ýagny SNG we Ýewropa ýurtlaryna eksport üçin niýetlenendir. Esasy sarp ediji döwletleriň arasynda Russiýa, Germaniýa, Ispaniýa, Italiýa, Ýaponiýa, Hytaý, Türkiýe, Iran, Pakistan, Owganystan, Özbegistan we başga döwletler hem bardyr.
TNGIZT-yň kuwwatlylygy ýyllyk 10 milliýon ton harytdan ybaratdyr.

Kükürdi az nebitden alynýan dizel ýangyjy (L-02-62)
# Görkezijiniň ady Möçberi
1 Setanyň mukdary, az däl 45
2 Fraksion düzümi:
- 50%-i ºС temperaturada işlenilip geçirilýär,ýokary däl 290
- 96%-i ºС temperaturada işlenilip geçirilýär,ýokary däl 360
3 Kinematik şepbeşikligi 200ºС, mm2/s, (sSt) 3.0 - 6.0
4 Sowap gatamak temperaturasy, ºС, ýokary däl - 10
5 Bulanmak temperaturasy, ºС, ýokary däl - 5
6 Ýalpyldama temperaturasy ýapyk tigelde kesgitlenilişi, ºС, aşak däl:
- teplowoz we gämi dizelleri hem-de gaz turbinalary üçin 62
- umumy maksatlar üçin ulanylýan dizeller üçin 50
- umumy maksatlar üçin ulanylýan dizeller üçin 40
7 Kükürdiň massa paýy, %, artyk däl 0.2
8 Merkaptan kükürdiniň massa paýy, %, köp däl 0.008
9 Kükürtli wodorodyň mukdary ýok
10 Miss plastinkasyndaky synag çydamly
11 Suwda ereýän kislotalaryň we aşgarlaryň mukdary ýok
12 Hakyky smolanyň konsentrasiýasy, 100 sm3 ýangyçda mg, artyk däl 40
13 Turşulygy, 100 sm3 ýangyçda mg KOH, artyk däl 10
14 Ýoduň mukdary, 100g ýangyçda ýoduň gramy, artyk däl 6
15 Küllülik, %, artyk däl 0.005
16 10% galyndynyň kokslanmagy, %, artyk däl 0.25
17 Filtirlenme koeffisiýenti, artyk däl 3.0
18 Mehaniki garyndylarynyň mukdary ýok
19 Suwuň mukdary ýok
20 20ºС-da dykyzlygy, kg/m3, artyk däl 860
Az kükürtli wodorod bilen arassalanan dizel ýangyjy (gidroarassalanan)
# Görkezijiniň ady Möçberi
1 Kükürdiň massa paýy, % (ррm), artyk däl, Gidroarassalanan dizel ýangyjynyň görünüşleri üçin
GEA – 0,005 - 30 0.005 (50)
GEA – 0,01 - 30 0,01 (100)
2 Setan indeksi, aşak däl 50
3 Fraksion düzümi: 95% -i ºС temperaturada işlenilip geçirilýär٫ ýokary däl 340
4 Кinematik şepbeşikligi 20 ºС, mm²/s (sST) 3,0 - 6,0
5 Azodyň massa paýy, % (ррm), artyk däl 0,003 (30)
6 Doňma temperaturasy ºС, ýokary däl 62
7 Reňki, artyk däl:
- ASTM birliginde 2.0
- SNT birliginde 2.0
8 Ýalpyldama temperaturasy ýapyk tigelde kesgitlenilişi, ºС, aşak däl - 30
9 Polisikliki aromatiki uglewodorodlaryň massa paýy, % artyk däl 11
10 Mis plastinkasyndaky synag çydamly
11 Suwuň massa paýy,%,(ррm), artyk däl 0,02
12 Küllülik, %, artyk däl 0,005
13 10% galyndynyň kokslanmagy, %, artyk däl 0,25
14 Filtirlenme koeffisiýenti, artyk däl 3,0
15 20 ºС-da dykyzlygy, g/sm3, artyk däl 0,840