Kükürt

Kükürt

Kükürdiň birnäçe fiziki görnüşleri bardyr. Iň köp gabat gelýäni bolsa sary kristal ýa-da toz görnüşindedir.

Kükürt esasan Dünýädaki iň wajyp himiki elementi – kükürt kislotasyny almak üçin ullanylýar. Kükürt kislotasynyň bolsa wajyp ullanylyşy iň köp fosfor kislotasynyň öndürjiliginde, dökünlere fosfat ýasamak üçindir.

Tehniki kükürt oba hojalykda giňişleýin ösümliklerdäki kömelek keselleri bilen söweşi üçin fungisid jisim hökmünde ullanylýar. Şeyle-de hem tehniki kükürtden kükürt kislotasy alynyp, ol köp däri (derman) ýasamaklykda hem ullanylýar.

Türkmenistanda Tehniki Kükürt

“Türkmengaz” Döwlet konserni – Türkmenistanyň Döwlet konserni bolup, ýyl-ýyldan özüniň daşary ýurda eksport edýän nebit, gaz we himiki harytlarynyň möçberini artdyrýär. Bularyň biri bolsa, tehniki kükürtdir. Gazy täzeden işleýän zawodlarda gaz arassalandan soň, “Türkmengaz” DöwletKonserni Tehniki kükürdi yörite haltalara gaplap, ammara ýerleşdirýär we şeylelik bilen harytlar şertnama şertlerine laýyklykda daşary ýurt kompaniýalaryňsalgylaryna ugradylýar.
Türkmenistanda "Turkmengaz" DK-nine degişli Tehniki kükürt öndürýän esasy 2 sany gazy täzeden işleýän zawodlar bardyr:

  • Samandepe gazy täzeden işleýän zawod, Lebap welaýaty (Türkmenistan)
  • Galkynyş gazy täzeden işleýän zawod, Mary welaýaty (Türkmenistan)
Samandepe gazy täzeden işleýän zawod

Samandepe gazy täzeden işleýän zawody uly gaz ojak bolup, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerleşýär. Bul gaz ojagy birlikde kuwwaty ýyllyk 25-30 milýard kub metr bolan, Amy derýanyň sag kenarynda ýerleşýän Bagtyýarlyk şertnamalyk territoriýasyna degişlidir. Iň ýokary öndürijilik döwri 2015-2020 ýyl aralygyndadyr. Zawod ýyllyk 5 milýard kub metr gazy arassalamak we durlamak üçin gurlandyr. Goşmaça, zawod ýyllyk 180.000 tonna durnukly kondensat öndürýär.

Galkynyş gazy täzeden işleýän zawod

Galkynyş gaz ojagy Dünýadaki ikinji iň uly gaz ojagy yglan edildi – 20 milýard kub metr gaz rezerwi. Galkynyş gaz ojagy (öňki ady Demirgazak Ýolöten) 2006 ýylda tapyldy we Günorta Ýolöten, Osman, Minara, Ýaşlar toparyndan ybarat bolan gaz ojaklarynyň ady dakyldy. Galkynyş gaz ojagy Dünýaniň iň uly gaz ojaklarynyň biridir. Bu gaz ojagy hem Türkmenistanyň milli gaz kompaniýasyna, “Türkmengaz” Döwlet Konsernine degişlidir. Galkynyş – Marynyň 75 km Günorta-gündogar uzaklygynda we Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdan 400 km uzaklykda ýerleşýär.

Adaty fiziki görkezijileri
# Görkezijiniň ady Möçberi
1 Kükürdiň massa paýy, %, az däl 99.95
2 Külüň massa paýy, %, köp däl 0.03
3 Organiki maddalaryň massa paýy, %, köp däl 0.03
4 Organiki kislotlaryň kükürt kislotasyna geçirilip hasaplanan massa paýy, %, köp däl 0.003
5 * Suwuň massa paýy, %, köp däl 0.2
6 Mehaniki hapalar (kagyz, agaç, çäge we ş.m.) goýberilmeýär
7 Renki açyk sary