Dizel ýangyjyny
Gidroarassalanan / L-02-62 (Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodla toplumy)
Dizel ýangyjy –ýöriteleşdirilen dizel ýangyç hereketlendirijilerinde ullanylýan himiki harytdyr. Bu ýangyç görnüşi kerosin-ýag-gazly fraksiýalardan nebitiň arassalanma usuly netijesinde emele gelýär. Dizel ýangyjy şepbik (goýy) we kyn bugarýan suwuklykdyr we düzüminiň köp bölegi uleroddan ybaratdyr. Onuň düzüminde şeýle-de wodorod, kislorod, kükürt we azot ýaly elementleri tapmak mümkindir.
Adamlar öz aralarynda dizel ýangyjyny şeýle-hem solýarka diýip atlandyrýalar. Solýarka sözi Nemis dilindäki Solarol (günebakar ýag) sözünden gelip çykýar, sebäbi gadymy zamanda ähli nebiti arassalama usuly netijesinde emele gelen sarymtyl fraksiýalary şeýle atlandyrýalar ekeni.
Dizel ýangyjynyň örän kop ullanylýan ýerlerleri bolup, esasan ulaglarda, dizel elektrostansiýalarda, oba-hojalyk we harby tehnikalarda ullanylýar. Şeýle hem dizel ýangyjy (solýarka) jaý gyzdyryjylarda (kotelnýalarda) ýangyç hökmünde hem ullanylýar.
Türkmenistanda dizel ýangyjy
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (gysgaça “TNGIZT”), Türkmenistanyň Türkmenistanyň nebitgaz ministrliginiň ýolbaşçylyk etmeginde bolup, Türkmenistanyň iň uly nebiti gaýtadan işleýän kärhanalarynyň biridir.
Onuň gurluşygy 1942-nji ýylda başlanyp, ýyl-ýyldan döwrebaplaşdyrylan we täze döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir. 2011-nji ýylda bolsa düýpli abatlaýyş işleri geçirilip, tehnologiýa taýdan wajyp işler geçirilendir.
Şu günümizde, zawod benzin, suwuklaşdyrylan gaz, awiýasiýa üçin niýetlenen we tehniki kerosin, reýaktiw we dizel ýangyçlaryny, dürli tehniki we gyzdyrylýan ýaglar, tehniki kükürdi we sintetik ýuwujy serişdeleri ýaly harytlary öndürýär.
Zawodyň çykarýan harytlary Dünýä belli standartlaryna laýyk bolup, diňe Türkmenistatnyň içinde däl, eýsem-de daşary ýurtlarda hem isleg-talap döredýär. Önümleriň köp bölegi daşary ýurtlara, ýagny SNG we Ýewropa ýurtlaryna eksport üçin niýetlenendir. Esasy sarp ediji döwletleriň arasynda Russiýa, Germaniýa, Ispaniýa, Italiýa, Ýaponiýa, Hytaý, Türkiýe, Iran, Pakistan, Owganystan, Özbegistan we başga döwletler hem bardyr.
TNGIZT-yň kuwwatlylygy ýyllyk 10 milliýon ton harytdan ybaratdyr.
# | Görkezijiniň ady | Möçberi |
---|---|---|
1 | Setanyň mukdary, az däl | 45 |
2 | Fraksion düzümi: | |
- 50%-i temperaturada işlenilip geçirilýär,ýokary däl | 290 | |
- 96%-i temperaturada işlenilip geçirilýär,ýokary däl | 360 | |
3 | Kinematik şepbeşikligi 200ºС, mm2/s, (sSt) | 3,0-6,0 |
4 | Sowap gatamak temperaturasy, ºС, ýokary däl | -10 |
5 | Bulanmak temperaturasy, ºС, ýokary däl | -5 |
6 | Ýalpyldama temperaturasy ýapyk tigelde kesgitlenilişi, ºС, aşak däl: | |
- teplowoz we gämi dizelleri hem-de gaz turbinalary üçin | 62 | |
- umumy maksatlar üçin ulanylýan dizeller üçin | 50 | |
- umumy maksatlar üçin ulanylýan dizeller üçin | 40 | |
7 | Kükürdiň massa paýy, %, artyk däl | 0,2 |
8 | Merkaptan kükürdiniň massa paýy, %, köp däl | 0,008 |
9 | Kükürtli wodorodyň mukdary | ýok |
10 | Miss plastinkasyndaky synag | çydamly |
11 | Suwda ereýän kislotalaryň we aşgarlaryň mukdary | ýok |
12 | Hakyky smolanyň konsentrasiýasy, 100 sm3 ýangyçda mg, artyk däl | 40 |
13 | Turşulygy, 100 sm3 ýangyçda mg KOH, artyk däl | 10 |
14 | Ýoduň mukdary, 100g ýangyçda ýoduň gramy, artyk däl | 6 |
15 | Küllülik, %, artyk däl | 0,005 |
16 | 10% galyndynyň kokslanmagy, %, artyk däl | 0,25 |
17 | Filtirlenme koeffisiýenti, artyk däl | 3,0 |
18 | Mehaniki garyndylarynyň mukdary | ýok |
19 | Suwuň mukdary | ýok |
20 | 20ºС-da dykyzlygy, kg/m3, artyk däl | 860 |
# | Görkezijiniň ady | Möçberi |
---|---|---|
1 | Kükürdiň massa paýy, % (ррm), artyk däl, Gidroarassalanan dizel ýangyjynyň görünüşleri üçin | |
GEA – 0,005- 30 | 0,005(50) | |
GEA – 0,01 - 30 | 0,01(100) | |
2 | Setan indeksi, aşak däl | 50 |
3 | Fraksion düzümi: | 340 |
- 95% -i ºС temperaturada işlenilip geçirilýär٫ ýokary däl | ||
4 | Кinematik şepbeşikligi 20 ºС, mm²/s (сСт) | 3,0-6,0 |
5 | Azodyň massa paýy, % (ррm), artyk däl | 0,003(30) |
6 | Doňma temperaturasy ºС, ýokary däl | 62 |
7 | Reňki, artyk däl | |
- ASTM birliginde | 2,0 | |
- SNT birliginde | 2,0 | |
8 | Ýalpyldama temperaturasy ýapyk tigelde kesgitlenilişi, ºС, aşak däl | -30 |
9 | Polisikliki aromatiki uglewodorodlaryň massa paýy, % artyk däl | 11 |
10 | Mis plastinkasyndaky synag | çydamly |
11 | Suwuň massa paýy,%,(ррm), artyk däl | 0,02 |
12 | Küllülik, %, artyk däl | 0,005 |
13 | 10% galyndynyň kokslanmagy, %, artyk däl | 0,25 |
14 | Filtirlenme koeffisiýenti, artyk däl | 3,0 |
15 | 20 ºС-da dykyzlygy, g/sm3, artyk däl | 0,840 |