Biz
barada
Abraýly Kesp
"Abraýly Kesp", Hususy Kärhanasy, nebit we himiýa önümlerini Türkmenistandan daşary ýurt ýakyn çäklerine we Ýewropa ýurtlaryna daşamakda we olaryň halkara söwdasy ugurlarynda ýaş spesiýalistler tarapyndan gurulan kompaniýadyr. Kompaniýanyň entäk ýaş bolmagyna garamazdan, biz bu ugurlarda giň we uzyn-möhletli tejribeli spesiýalistlary bilen öwünip bileris. Şu sebäpli biz şeýle hem Size giňişleýin konsaltiň (maslahat beriş) hyzmatyny hem hödürläp bileris.
Biziň maksadymyz daşary ýurt müşderiler / inwestorlar bilen özara baglanyşyk gurup Türkmenistanyň eksporta baý bazaryna höwes döretmekdir. Kompaniýanyň esasy ugry Türkmenistanda öndürilen önümleri satyn almaklykda maslahat bermek we assistentlik etmek (daşary ýurt kompaniýalaryny Türkmenistanyň Döwlet Haryt - Çig Mal Biržasynda /TDHÇMB-da registrasiýa etmeklikde, müşderileriň gerekli resminamalaryny resmileşdirmeklikde, müşderileriň adyndan bäsleşiklerde / tenderlerde çykyş etmek, müşderileriň adyndan harytlary sargamak, gümrük resminamalaryny resmileşdirmekde) we müşderiniň kesgitlän salgysyna çenli transport / daşaýyş hyzmatyny berjaý etmek. Şeýlelik bilen, kompaniýamyzyň ugurlaryny üç bölege, ýagny halkara söwda, logistika we konsaltiň hyzmatlaryna bölüp bileris.
Türkmenistan strategik taýdan, özüniň baý gaz ojaklary saýasynda nebit we himiýa önümleriniň söwdasy üçin wajyp ýurtdyr. Türkmenistan orta Aziýada karbamid, kükürt, ammiýak we kaliý ýaly mineral dökünleriniň önümçiliginde we eksportynda öňdebaryjy ýurtlaryň biridir.
Türkmenistanda öndürilýän we eksporta taýýar önümleriniň doly sanawyny Türkmenistanyň Döwlet Haryt - Çig Mal Biržasynyň (TDHÇMB) resmi sahypasyndan tapyp bilersiňiz.
Biziň
Hyzmatlarymyz
Biz iň ýokary hil hyzmatlary berýäris we müşderilerimiz biz bilen işlemäge kanagatly.
Biziň Harytlarymyz
Size Türkmenistanda öndürilen ýokary hilli harytlary göni Türkmenistanyň Döwlet öndürijilerinden satyn almaga ýardam berýäris
Karbamid iň köp azot konsentrasiýaly dökündir. Onuň düzüminde amid görüşinde azot bardyr we olar toprakda başda ammiýaga soňra bolsa nitrat görnüşine öwrülýärler. Ol aňsatlyk bilen suwda ereýär. Ýapyşmaklyga garşy ullanylýan serişdeler saklanan döwründe onuň erkin akymyna kepil bolýar.
Biz size karbamidi Türkmenistanyň "Türkmenhimiýa" Döwlet Konserniniň: Tejenkarbamid, Marykarbamid we Garabogazkarbamid zawodlaryndan satyn almaklyga ýardam berip bileris.
Türkmenistanda "Türkmengaz" Döwlet Konserni her ýyl özüniň öndürýän we eksport edýän himiki önümlerini artdyrýar. Munuň iň wajyp ugurlarynyň biri bolsa kükürtdir. Kükürdüň senagatda dürli ullanyş şekilleri bardyr, araçy önüm ýa-da belli bir reaksiýalarda goşmaça kataliz hökmünde.
Biz size kükürdi Türkmenistanyň "Türkmengaz" Döwlet Konserniniň Samandepe we Galkynyş nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň birinden satyn almaga ýardam berip bileris.
Polipropilen (PP) termoplastiki "goşmaça polimer" bolup propilen monomerleryň birleşmesinden ýasalandyr. Ol dürli pudaklardaky gündelik harytlaryň gaplamalarynda we plastmas şaýlarda ullanylýar. Gomopolimerler we kopolimerler – polipropileniň bazarda tapyp bolýan iň esasy iki görnüşidir
Türkmenistan Polipropileniň (PP) we Polietileniň (PE) Balkan welaýatyndaky Gyýanly täze himiki gaz toplumynda önümçiligine we satyşyna başlady.
Polietilen (PE) - ýeňil, köpugurly sintetik şepbik bolup etileniň polimerleşdirmesinden ýasalandyr. Bul Dünýäde iň köp ullanylýan, arassa iýmit gaplaryndan we söwda gaplaryndan başlap, ýuwujy serişde gaplarynda we awtomobil ýangyç gutylarynda hem ullanylýan plastikdyr. Ol şeýle-de kesilip ýa-da bölünip sintetik süýüme ýa-da maýyşgak reziniň häsiýetini alyp bilýär.
Türkmenistan Polipropileniň (PP) we Polietileniň (PE) Balkan welaýatyndaky Gyýanly täze himiki gaz toplumynda önümçiligine we satyşyna başlady.
Portland sement M500 kemsiz gurluşyk harydy bolup, özüniň kemsiz jiltleýiş häsiýeti esasynda gurluşyk elementleri kuwwatlandyrýar. Sement gysylma agramy astynda bekeýär we ýa sement laýy, sement betony görnüşinde ullanylýar.
“Türkmensement” Önümçilik Birleşiginiň dört sany sement zawody bar bolup, olar: Jebel sement zawody, Balkan welaýaty (Türkmenistan); Baharly sement zawody, Ahal welaýaty (Türkmenistan); Kelete sement zawody, Ahal welaýaty (Türkmenistan); Lebap / Garlyk sement zawody, Lebap welaýaty (Türkmenistan).
Ýod özüniň ýod-krahmal reaksiýasy astynda mawy renki bilen we dürli deňiz ösümliklerini iýmitlendirýän jisim hökmünde tanalýar. Ýod element bolup durýanlygy sebäpli, ony tebigy baýlyklardan çykaryp almakdan başga ne himiki sintez arkaly ne-de başga ýol bilen öndürmek mümkinçiligi bardyr we şeýlelikde, ýod gymmatly bir madda diýip bileris.
Şu wagt, Türkmenistanda ýodyň önümçiligi Türkmenistanyň Balkan welaýatynda ýerleşýän Hazar, Balkanabat we Bereket himiki zawodlarynda amala aşyrylýar. Bu zawodlara çig-mal hökmünde Nebitdag-Monjukly, Boýadag, Çeleken depozitleri we Seýitkerderidäki ýüze çykmalary ullanýar.
Dizel ýangyjy –ýöriteleşdirilen dizel ýangyç hereketlendirijilerinde ullanylýan himiki harytdyr. Bu ýangyç görnüşi kerosin-ýag-gazly fraksiýalardan nebitiň arassalanma usuly netijesinde emele gelýär. Dizel ýangyjy şepbik (goýy) we kyn bugarýan suwuklykdyr we düzüminiň köp bölegi uleroddan ybaratdyr. Onuň düzüminde şeýle-de wodorod, kislorod, kükürt we azot ýaly elementleri tapmak mümkindir.
Halkara Hyzmat Hojalyk Jemgyýeti L-02-62 / L-05-62 markaly dizel ýangyçlaryny elýeter bahadan gönümel Türkmenistanyň öndürijilerinden üpjün edýär. Şeýle hem, alternatiw öndürijileri görnüşde goňşy döwletlerden hem üpjün etmek mümkünçiligine eýedir.